Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

121 ýaşly Ajapsoltan Hajyýewa Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

14:0308.03.2021
1
7151

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanda uzak ýaşlylaryň kerwenbaşysy hasaplanýan 121 ýaşly Ajapsoltan Hajyýewa Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlagynda Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen «XXI asyryň 21-nji ýylynyň 121 ýaşly ýaşaýjysy Ajapsoltan enäniň alkyşy» atly söhbetdeşlikde beýan edilýär. Ajapsoltan Hajyýewa şeýle belleýär:

— Men ömrümiň 121-nji ýazyny ýazlaýan. Hudaýa köp şükürler bolsun, ýazyň ýazdan parhynyň kändigine durmuşymda göz ýetirdim. Sahawatly Arkadag Oglumyz ömrümizi ýaza öwürdi. Il-günüme, nesil-neberäme döwrümiziň gadyryny bilip ýaşamagy ündeýärin. Alkyş aýdylýan kişiler bihal adamlardan bolmaýarlar. Olarda Hakyň halaty bolýar. Enşalla, köpüň dilegi köl bolsun, mähriban Prezidentimiziň ömri zyýadan bolsun! Her ýyl 8-nji mart baýramynda, Ýe­ňiş baýramynda gelip gutlaýarlar, sowgatlar gowşurýarlar. Şol pursatlar men hem begenýän, hem ýaşlyk döwrümdäki wakalary ýadyma salýan. 8-nji mart baýramy ma­ňa hemişe ejemi ýatladýar. Ol çagalarynyň bagtyna uzak guwanyp bilmedi. Ykbaldyr-da... Men ol wagt kiçidim, gaty ýaşdym. Hatda keşbi-de aňyma gelenok indi... Jigilerime onuň ýoklugyny bildirmejek boldum. Hawa, özümiz eje bolsak-da, ejäniň mähri küýseler eken. Ejelerem hemişe ejeli bolmak isleýär-ä... Bu baýram — ma­ňa ejeli günleri ýatladýan baýram. Agtyklaryma, çowluklaryma ata-enä hemişe hormat goýmagy öwüt berýärin. Şolaryň barlygynda saçagyň­daky nygmat boldur, dünýäň abatdyr.

Jigilerim Meret bilen Juma oduna giderdi. Aýagymyň aşagyna oturgyç goýup, tamdyrda nan ýapardym. Jigilerim kiçidi, kakama kömekleşmesem, özüm üçin uýatdy. Soň gaza giderdim. Bugdaý döwerdim. Keçe-de basdyk, halam dokadyk. Şeýdip-şeýdip zähmete bişişdim. Durmuşym meni taplan eken. Men uzak ýaşamagyň syry zähmetde diýip düşünýärin. Zähmet adamyň ýüregini tämizleýär. Ýüregiň päk bolsa, durmuşy­ňam arassa bolýar.

Sag bolsun Gahryman Arkadagymyz! Döwrümizden razy. Gowy döwürde ýaşaýanyma şükür. Biziň çagalygymyz bilen häzirki çagalaryň arasynda Ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Şu bagtyýar günleri görmek bize-de nesip etdi. Ähli zadymyz bar, bolelin durmuşda ýaşaýarys. Sag-gurgunçylyk bar arzuwym boldy ömrümde. Ýanýoldaşym Hajy uruşda wepat boldy. Jigilerime ejemiň mährini berjek bolup ýörşüme, oglum Atany kaka mährine zar etmejek boldum. Ol döwürler başgaçady. Döwür hiç kimi sylamady. Görenimiz — zähmet, bar dilegimiz aman-esenlik, asuda durmuş boldy. Allama şükürler bolsun, şol döwürdäki arzuwlarym hasyl boldy, olaryň ählisiniň datly miwesinden datdym. Men türkmen topragynyň ýazyny hasyl bolan arzuwlaryma meň­zedýärin.

Sag-gurgunçylykly, abadançylykly döwür Arkadag Ogluň gaýraty, zähmeti bilen geldi. Biziň Türkmenistanymyz Bitarap, Garaşsyz döwlet boldy. Şeýle bagtyň gadyryny hemmelerem bilýändir, ýöne bu biziň üçin örän üýtgeşik bagt. Biz mu­ňa köp garaşdyk. Garaşylan zadyň gadyry başgaça ahbetin. Ömrümiziň köp ýylyny şuny arzuwlap ýaşadyk biz. 121 ýaşymyň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylyna gabat gelmegini hem bagt hasaplaýaryn. Men — Arkadag Prezidentimiziň saýasynda bagtly ene. Oglum Ata, gelnim Täzegül, olardan önen 12 agtygym, şeýle-de 67 çowlugym, 32 ýuwlugym — meniň buýsanjym, baýlygym-barym. Gahryman Arkadagymyz enelere hemişe belent sarpa goýýar. Bu ýyl hem Halkara zenanlar güni mynasybetli toý serpaýyny aldyk. Biz mydama adyl Prezidentimiziň özümiz hakda edýän aladasyny duýup ýaşaýarys. Şonuň üçin hem alkyşymyz hiç haçan egsilmez. Goý, döwlet Baştutanymyzyň jany sag, işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
27GEOGRAF ( 10.03.2021 )

Ajapsoltan eje janynyz sag bolsun

0