Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýene bir neşiriň web saýty işläp başlady, ony talyp gyz taýýarlady

11:0502.03.2021
0
14478

Türkmenistanda ýene bir neşiriň ― «Biznes reklama» gazetiniň web saýty işläp başlady. Ony Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Akgözel Gurbangulyýewa taýýarlady.

«Nesil» gazetinde çap edilen makala görä, ol bu taslamany üç aýyň dowamynda amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli bolan «Biznes reklama» gazetini indi br.com.tm internet salgysynyň üsti bilen elektron görnüşde okamak mümkinçiligi bar.

Türkmen, iňlis hem rus dillerindäki bu saýtda «Baş sahypa», «Resmi habarlar», «Söwda we hyzmat», «Ýerli önümçilik», «Jahan habarlary», «Arhiw» ýaly bölümler bolup, onda gazetiň her sanynda çap edilen habarlar elektron görnüşde ýerleşdirilýär. «Arhiw» bölüminde bolsa gazetiň PDF nusgalaryny ýükläp almak mümkinçiligi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň