Özbegistan Howaýollary 1-nji martdan başlap ýolagçylar üçin onlaýn nobat hyzmatyny hödürleýär

12:0523.02.2021
0
6360

Özbegistanyň «Uzbekistan Airways»  paýdarlar jemgyýeti şu ýylyň 1-nji martyndan başlap, öz ýolagçylary üçin onlaýn nobat hyzmatyny ýola goýup başlaýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

«Onlaýn nobat hyzmaty ýolagçylara howa menzilindäki giriş nokadynda petek almaklyk üçin nobata durmazlyga we uçardaky gerekli ýeri saýlamaga mümkinçilik berýär.» - diýlip, «Uzbekistan Airways»  paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Kompaniýa bu hyzmatyň "COVID-19" ýokanç keseli sebäpli, islenilmeýän howa gatnawlaryny azaldyp biljekdigini aýtdy.

Özbegistanyň «Uzbekistan Airways» paýdarlar jemgyýeti petekleriň onlaýn satuwyny we şonuň esasynda oturgyç saýlamak hyzmatyny 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýupdy. Ýöne, koronowirus ýokanç keseliniň bütin dünýäde giňden ýaýramagy zerarly, tutuş ýer ýüzünde howa gatnawlarynyň togtadymagy bilen,kompaniýanyň bu hyzmaty hem togtadyldy. Şu ýylyň 1-nji martynda bolsa kompaniýa bu hyzmatyny — petekleriň onlaýn satuwyny täzeden ýola goýup başlaýar. 

Geçen ýylyň dekabrynda Özbegistandaky halkara howa menzillerinde ýolagçylar we goşlar üçin garaşsyz hasaba alyş ulgamy oturdyldy.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň