CAVEX halkara onlaýn serginiň çäginde Türkmenistanyň güni geçirildi

19:2419.02.2021
0
5394

Şu gün, 19-njy fewralda “Merkezi Aziýa – Wirtual EXPO (CAVEX)” onlaýn sergisinde Türkmenistanyň güni geçirildi. Bu barada TSTB-niň resmi saýty habar berdi.

Öň habar berlişi ýaly, sergi Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň ýardam etmeginde Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça ýapon assosiasiýasy (ROTOBO) tarapyndan gurnaldy.

Çäräniň maksady – Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda işewürligi ösdürmek, söwda we maýa goýmak işleriniň depginini güýçlendirmek.

26-njy fewrala çenli dowam etjek işewür onlaýn maslahata Türkmenistanyň wekilleri gatnaşyp, olaryň hatarynda 6 sany döwlet düzümleri we TSTB-niň agzalary – 11 sany kärhana we telekeçi bardyr.

Sergä gatnaşyjylar öz maglumatlaryny sanly diwarlykda ýerleşdirdiler, ol ähli CAVEX gatnaşyjylary üçin elýeterlidir.

Türkmenistanyň gününde serginiň çäklerinde söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleriniň ara alyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan türkmen-ýapon webinary geçirilýär. Oňa birnäçe döwlet ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

CAVEX resmi web saýty: http://rotobo-cavex.sakura.ne.jp

Onlaýn serginiň işi hakynda maglumaty şu ýerde görüp bilersiňiz: www.jp-tr.org

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň