Top.Mail.Ru

Türkmenistanly talyp rus dili boýunça geçirilen halkara olimpiadanyň ýeňijisi boldy

17:0113.02.2021
0
24524

Saratowyň Döwlet milli gözleg uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň talyby, watandaşymyz Mekan Çaryýew daşary ýurtly talyplardyr okuwçylar üçin rus dili boýunça geçirilen Halkara onlaýn olimpiadasynyň 1-nji derejeli diplomynyň eýesi boldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýty habar berýär.

Olimpiada geçen ýylyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Sankt-Peterburg döwlet uniwersiteti tarapyndan gurnaldy.

Gatnaşyjylar dürli görnüşli meseleleri ýerine ýetirmeli boldular. Olaryň arasynda rus diliniň söz baýlygy we grammatikasy, ýazgy bilen işleşmek, sowallara ýazmaça jogap bermek we beýleki çylşyrymly synaglar bar. Her bölüm aýratyn wagt ölçegi bilen çäklendirildi.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bäsleşige dünýäniň 150 ýurdundan jemi 9549 adam gatnaşdy. Has takygy birinji ýaş derejesinde (12 ― 16 ýaş) 4826, ikinji ýaş derejesinde (17 ― 30 ýaş) 4723 adam bäsleşdi. Şolardan 945 adam olimpiadanyň finalçysy boldy. Olaryň 527-si mekdep okuwçylary, 418-si bolsa talyplardyr. Mundan ozal Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem bu bäsleşige gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň