Türkmenistanda Abu-Dabi we Stambula ýük howa gatnawy gaýtadan ýola goýuldy

20:2011.02.2021
0
25016

Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýük terminaly howa ýük gatnawynyň täzeden başlandygyny habar berýär.

2021-ni ýylyň 15-nji, şeýle hem 25-nji fewralynda ýükler IL-76 tarapyndan Aşgabat — Abu-Dabi — Türkmenabat ugry boýunça iberiler.

2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda ýükler IL-76 uçary bilen Aşgabat — Stambul — Türkmenabat ugruna iberiler.

Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýük terminaly sebitdäki häzirki zaman ýerüsti gurluşdyr. Olaryň hödürleýän hyzmatlarynyň giň toplumy halkara ülňülerine laýyk gelýär. Terminalyň ammarlary ýylda 200 müň tonna ýük daşamak üçin niýetlenendir.

Ýük terminaly gije-gündiziň dowamynda işleýär.

Habaralaşmak üçin telefon belgileri: 

+ 993 12 23-45-92;

+ 993 65 04-26-56.

Elektron salgysy:

asb.airport.cargo@online.tm

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň