Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we agrotehniki möhletlerde ýokary hilli ekiş geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanyna ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurduň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilen ýerlerine ideg işlerini alyp barmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini, onuň pagtaçy daýhanlaryň öňünde örän möhüm wezipedigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine "Bissimilla!" bilen başlap bermeklerini haýyş etdi we ýurduň edermen pagtaçy daýhanlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.