Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

22-nji martda Türkmenistanda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

23:3120.03.2025
0
24568
22-nji martda Türkmenistanda ýazky ählihalk  bag ekmek dabarasy geçiriler
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

22-nji martda Türkmenistanda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem «Türkmenistanda 2025-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda çykaran 1270-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň