Soňky habarlar

Arhiw

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti halkara onlaýn sergisine gatnaşar

19:4709.02.2021
0
8847

2021-nji ýylyň 15 ― 26-njy fewraly aralygynda «Merkezi Aziýa ― Wirtual EXPO (CAVEX)» onlaýn sergisi geçiriler. Oňa TSTB-niň agzalarynyň birnäçesi bilen birlikde «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti hem gatnaşar. 

Halkara serginiň çäklerinde 19-njy fewralda türkmen kompaniýalarynyň ykdysady üstünlikleriniň görkezilişi meýilleşdirilýär. Şol gün «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri maýa goýum meseleleri boýunça webirnarlaryň birnäçesine gatnaşar. Häzir kompaniýanyň wekilleri webinarda ediljek hasabat-çykyşyny taýýarlaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň