Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 6 ― 12-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryşa ― Dewisiň kubogynyň sebitleýin tapgyryna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär.
Ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynyň hatarynda häzir alty türgen türgenleşýär. Olar ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony Ýuriý Roguzskiý, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Meýlis Orazmuhammedow we Hajymyrat Çaryýew, şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Atly Gurbanow, Aşgabat şäherindäki 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi Gurbanberdi Gurbanberdiýew we harby gullukçy Gurbangeldi Sähedowdyr.
«Neýrtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň tennis ýygyndysy Mirali Hasanowyň ýolbaşçylygynda Olimpiýa şäherjiginde türgenleşýär. Mälim bolşy ýaly, şäherjikde ajaýyp tennis toplumy hereket edýär.
Türkmen tennisçileri bu ýerdäki türgenleşiklerden başga-da, Saglyk ýolunyň ýakynynda fiziki taýýarlygyny artdyryp, Köpetdagyň etegindäki gara ýollarda özara ýeňil atletika ýaryşlaryny geçirýärler. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty minisrtligi we Tennis federasiýasy tarapyndan milli ýygyndymyzyň agzalary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Häzirki günlerde türgenlerimizden başga-da, Aşgabatda Dewisiň kubogynyň sebitleýin ýaryşynyň geçirilýän günlerinde kortlarda hyzmat etjek laýnsmenlerdir (eminleriň kömekçileri) bolboýlaryň (ýaş tennisçilerden ybarat kömekçiler) taýýarlygyna hem badalga berildi. Şäher we milli derejedäki ýaryşlarda görkezen netijeleri we aýratyn synaglar boýunça ýurdumyzyň ähli çäklerine wekilçilik edýän tennis hünärmenleri we türgenler Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryşda laýnsmen we bolboý bolmaga çagyrylar. Has takygy, Dewisiň kubogynyň sebitleýin tapgyry üçin 60-dan gowrak laýnsmenler we 90-dan gowrak ýaş tennisçiler taýýarlanylar.
Umuman, ýurdumyzda bu halkara ýaryşy geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär.