Koreýa Respublikasyna gitmek üçin wizanyň sowalnamasy täzelendi

23:3307.02.2021
0
16346

Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýurda gitmek üçin wizanyň täze sowalnamasynyň girizilendigini habar berdi. Sowalnama Koreýa Respublikasyna gysga möhletli maksat bilen barjaklar üçin niýetlenendir. Has takygy, ol syýahatçylara, işewürlere we şertnamalaýyn işlejeklere niýetlenilýär.

Şeýle hem ilçihana uzak möhletli wiza ygtyýarnamasy bolanlaryň ýörite sowalnamany doldurmalydygyny ýatladýar.

Täze sowalnama ilçihananyň resmi web saýtynda ýerleşdirildi. Ony çap edip hem alyp bolýar. Sowalnama rus we koreý dilinde doldurylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň