Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky awtobuslarda we taksilerde GPS/Glonass ulgamlary ornaşdyrylar

23:5506.02.2021
0
12677

6-njy fewralda geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmämmedowa ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, orta görnüşli we kiçi awtobuslary satyn almak boýunça işleri dowam etdirmegi; Agentligiň kärhanalarynyň awtobuslarynda, ýeňil taksi we ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we GPS/Glonass ulgamlaryny, Internet arkaly hyzmatlary we ýol petekleriniň satylmagyny giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy. 

Milletiň Lideri şäherara we şäherýaka awtobuslaryndan peýdalanýan ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek maksady bilen, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap awtomenzilleriň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamagy talap etdi. 

Awtomobil ulaglary arkaly daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyryp, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyny dowam etmegi belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň