Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçysyna berk käýinç yglan etdi

23:5306.02.2021
0
13743

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Haýytmuradow Agamurad Baýramgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Agentlik geçen ýyly üstünlikli jemledi. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämileri abatlamak işleri alnyp baryldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döredilen häzirki zaman ulag-üstaşyr, kommunikasiýa we logsitika ulgamlarynyň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. 

Milletiň Lideri Türkmenbaşy şäheriniň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen deňiz menziliniň ýöriteleşdirilen terminallarynyň tehniki taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyny belläp, Merkezi Aziýanyň esasy “deňiz derwezesiniň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň herekete girizilişine nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutany agentligiň ýolbaşçysyna deňiz we derýa ulaglary pudagynyň dolandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, halkara ýük gatnawlaryny amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň