Türkmenistanyň Prezidenti içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça tabşyryklary berdi

11:0906.02.2021
0
40888

Anna güni geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen, 2020-nji ýylda sygyr etiniň ýurdumyza daşyndan getirilen möçberiniň baha görnüşinde 32,5 göterim, ýeralmanyň 32,6 göterim, pomidoryň 94,4 göterim, soganyň 8,4 göterim, miweleriň hem 37,3 göterim azalandygyny aýtdy.

Bu gowy zat. Ýöne guş etiniň getirilişi 6,9 göterim, ýumurtga 85,8 göterim, ösümlik ýagy hem 93,2 göterim artdy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça bellän çärelerimiziň doly ýerine ýetirilmändigini görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda azyk harytlarynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylmalydyr. Milletiň Lideri içerki bazaryň azyk önümleri we ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmalydygyny, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, elektron söwda we eltip bermek hyzmatlarynyň giňden ýola goýulmalydygyny, bazarlarymyzy we dükanlarymyzy azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň