Soňky habarlar

Arhiw

«Deutsche Post AG» Germaniýadan Türkmenistana poçta hyzmatyny ýola goýdy

16:2304.02.2021
0
12891

Germaniýanyň «Deutsche Post AG» poçta kompaniýasy özüniň resmi saýtynda 2021-nji ýylyň fewral aýynda Germaniýadan Türkmenistana poçta ugratmak hyzmatyny ýola goýandygyny habar berdi.

Habarda ýazylyşy ýaly, häzirki wagtda Germaniýadan Türkmenistana agramy 500 grama çenli bolan hatlardyr resminamalary kompaniýanyň üsti bilen ugradyp bolar.

Ýeri gelende, «Türkmenpoçtanyň» hem ýanwar aýynda halkara poçta gatnawlaryny dikeldendigini ýatladýarys. Poçta ugratmak mümkin bolan döwletleriň sanawyny şu salgydan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň