«Altyn Asyr» hem-de «Ahal» toparlarynyň AFK Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde geçirjek oýunlarynyň wagtlary belli boldy.
Ýeri gelende bellesek, ýakynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiren bije çejişliginiň netijesinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi «Altyn Asyr» bilen kümüş medalyň eýesi «Ahal» toparlary öz garşydaşlaryny bildiler.
Ýurdumyzyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi «Altyn Asyr» topary «F» toparçada Özbegistanyň futbol çempionatyny üçünji hatarda tamamlan AGMK (ýa-da «Nasaf»), Täjigistanyň futbol birinjiliginiň kümüş medalynyň eýesi «Hojand» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan «Alaý» toparlary bilen bäsleşer.
«E» toparça düşen «Ahal» toparynyň garşydaşlary Täjigistanyň Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi «Rawşan» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» toparlary bolarlar.
AFK-nyň Kubogy – 2021-iň toparçalaýyn bäsleşigi 14-20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri sebitleýin finalda duşuşmaga mümkinçilik alarlar. Iki oýundan ybarat bolan final duşuşygy 11-25-nji awgustda geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, saýlama tapgyryna gatnaşýan AGMK topary AFK-nyň çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşigine düşen ýagdaýynda, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde onuň ornuny Özbegistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Nasaf» topary eýelär.
AFК-nyň Kubogy-2021. Merkezi sebit. «Е» toparça.
1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna)
«Ahal» (Türkmenistan) – «Rawşan» (Täjigistan)
2-nji tapgyr, 17-nji maý (duşenbe)
«Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy) – «Ahal» (Türkmenistan)
3-nji tapgyr, 20-nji maý (penşenbe)
«Rawşan» (Täjigistan) – «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy)
AFК-nyň Kubogy-2021. Merkezi sebit. «F» toparça.
1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna)
AGMK ýa-da «Nasaf» (Özbegistan) – «Alaý» (Gyrgyz Respublikasy)
«Altyn Asyr» (Türkmenistan) – «Hojand» (Täjigistan)
2-nji tapgyr 17-nji maý (duşenbe)
«Alaý» (Gyrgyz Respublikasy) – «Altyn Asyr» (Türkmenistan)
«Hojand» (Täjigistan) – AGMK ýa-da «Nasaf» (Özbegistan)
3-nji tapgyr, 20-nji maý (penşenbe)
AGMK ýa-da «Nasaf» (Özbegistan) – «Altyn Asyr» (Türkmenistan)
«Hojand» (Täjigistan) – «Alaý» (Gyrgyz Respublikasy)