Şu ýyl Türkmenistanyň Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini hem-de Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan howa elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.
Olaryň ulanylmaga tabşyrylmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.