Soňky habarlar

Arhiw

“TurkmenPostMarket” – önüm ýerleşdirmek üçin girdejili platformadyr

16:0621.01.2021
0
12413

“Türkmenpost” kompaniýasy öz web sahypasynda ýurduň dokma senagatynyň öňdebaryjy öndürijilerinden “Gala”, “Ýeniş”, “Bedew”, “ADT”, “Nusaý”, “Akar”, Aşgabadyň “Bahar” modalar öýüniň şeýle-de “МB” we “HEŞ” ýaly meşhur içerki hususy kärhanalaryň önümlerini hödürleýär.

“TürkmenPostMarket” onlaýn dükany, ýurduň ähli sebitlerinde öz harytlaryny satyp biljek hususy telekeçilerden we üpjün edijilerden haryt satmak üçin girdejili platforma bolup durýar. Bu ýerden satyn alnan önümleri “Türkmenpost” çaparçylyk hyzmaty bilen gönüden-göni Türkmenistanyň islendik ýerine iberip bolýar. Şol bir wagtyň özünde, üpjün edijiler üçin söwda meýdançasyndaky ýer düýbünden mugt bolup durýar.

“Turkmenpost” kompaniýasynyň ýurtda meşhur bolan onlaýn dükanynda harytlaryny hödürlemek isleýänler, +99312 93-07-11 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler.

“Türkmenpost” onlaýn dükanynyň täze önümler bilen doldurylandygyny ýatlatmak isleýäris.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň