“Türkmen-Tranzit” kompaniýasy içerki IT hyzmatlaryny üpjün ediji bolup, diňe bir döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan işjeň ulanylman, eýsem halkara sergilerine-de gatnaşyp birnäçe baýraklary we şahadatnamalary hem alýar. “Türkmen-Tranzit” kompaniýasy geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergisine gatnaşdy. “Türkmen-Tranzit”-iň geçen ýylda gazanan üstünlikleri şeýle-de kompaniýanyň soňky ösüşlerinden biri bolan “Netije” programma üpjünçiligi ýaly uly işleri myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.
“Türkmen-Tranzit” sergä gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi tarapyndan ýokary baha berildi: kompaniýa ýurduň ykdysadyýetini sanlaşdyrmagy ösdürmäge, dürli çärelere gatnaşmaga we maglumat tehnologiýasy pudagynda innowasion çözgütleri döretmäge goşan goşandy üçin hormat hatyny aldy.
Şeýle hem, “Türkmen-Tranzit” tarapyndan işlenip düzülen “Netije” programma üpjünçiligi üçin “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan, laýyklyk şahadatnamasyny aldy.