Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply howa menzili gurlar. Häzirki zaman howa menziliniň toplumy diňe bir Balkanabadyň däl, eýsem welaýatyň ilaty üçin hyzmatlary ep-esli gowulandyrar.
“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň öňki howa menziliniň çäginde Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň innowasion infrastruktura desgasynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu barada halkara bäsleşik yglan edildi
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenilip düzülen tehniki şertlere görä, howa menziliniň toplumy raýat awiasiýasynyň ähli talaplaryna dogry gelýän ýolagçy terminalyny, uzynlygy 2700 metr we ini 45 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagyny öz içine alar.
Balkanabat howa menziliniň ähli howa hyzmatlarynda häzirki zaman enjamlary oturdylar. Bu bolsa öz gezeginde uçuş howpsuzlygynyň ýokary derejede üpjün edilmegine, awiasiýa enjamlaryny, howa meýdançasynyň hyzmatyny we ýolagçy hyzmatyny gowulandyrmaga ýardam berer.
Balkan welaýatynda täze howa menziliniň döredilmegi ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini ep-esli ýokarlandyryp, ýokary halkara ülňülerine ýetmäge mümkinçilik döreder.