Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Fransuz instituty salgysyny üýtgetdi

18:3012.01.2021
0
19504

Täze ýyldan başlap Aşgabatdaky Fransuz instituty salgysyny üýtgetdi.

Häzirki salgy: 744000 Aşgabat şäheriniň, Aga Garryýew köçesiniň 69-njy jaýy (Sokolowskiý).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36 83 70; 36 83 71; 36 83 72.

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasyndan has giňişleýin maglumaty alyp bilersiňiz.

Türkmenistandaky Fransuz Instituty, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň edarasydyr. Ol köpugurly wezipäni ýerine ýetirýär hem-de fransuz dilini ýaýratmak we medeni, dil öwreniş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işlerini alyp barýar.

Institutyň esasy wezipeleri:

  • fransuz dilini öwretmek;
  • köpçülige häzirki zaman Fransiýa barada maglumat bermek;
  • köpçülige fransuz medeniýeti bilen ähli tarapdan tanyşdyrýan çäreleri guramak.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň