Arhiw

«Türkmenpoçta» ýükleri ýurduň islendik künjegine eltip bermek hyzmatyny hödürleýär

19:3930.12.2020
0
15937

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ilatyna «Gapydan gapa» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär.

Eger başga bir şähere ýa-da öz şäheriňize poçta ibermek isleseňiz, indi poçta bölümine gitmegiň zerurlygy ýok. Öýňüze çenli gelen çaparlar bukjany alyp, kabul edýäniň gapysyna eltip bererler. Şeýlelik bilen, poçtany kabul edýän adamyň hem degişli poçta bölümine gitmek zerurlygy ýok.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin, +993 12 921495 belgili telefona jaň edip, öýe çapar çagyrmaly ýa-da telefonyňyza «Çapar» programmasyny ýükläp almaly. Hyzmatyň bahasy bukjanyň agramyna, tizligine (ýönekeý ýa-da çaltlaşdyrylan) we çaparyň garaşýan wagtyna baglydyr.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň