"Sinalco" Täze ýyl mynasybetli yglan eden baýrakly aksiýa ýaryşyny tamamlady

18:3528.12.2020
0
12839

"Sinalco" kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Täze ýylyň öňýanynda yglan edilen baýrakly aksiýa ýaryşy tamamlandy. Skretç kartalaryň paýlanylyş möhleti gutardy, ýöne utuşly kartlary elinde bolan adamlar baýraklaryny 3-nji ýanwara çenli alyp bilerler. Munuň üçin, skretç  kartynda görkezilen telefon belgisine ýüz tutmaly.

Bu günlerde gymmatly baýraklara eýe bolan bagtly adamlaryň sanawy täzelendi. Gaz peçleri, kir ýuwujy enjamlar, telewizorlar, saç guradyjylar, tozan sorujylar, elektrik peçleri, ütükler we başga-da (ýadygärlik sowgatlar, äýnekler, depderler, torbalar, polotensalar we ş.m.) 30 müňden gowrak baýraga mynasyp bolundy.

 

"Sinalco" nemes tehnologiýasyndan peýdalanylyp döredilen, gazlandyrylan içgileriň markasydyr. Häzirki wagtda “Sinalco” -  kola, pyrtykal, sitrus we ýertudana tagamlary bilen birnäçe içgileri öndürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň