Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi üçin Çelýabinskidäki zawodda öndürilen enjamlary wagtyndan ozal aldy

15:3019.12.2020
0
6693

OMK Çelýabinsk zawody (Russiýa) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin «Türkmengaz» döwlet konsernine önümleri bellenilen möhletinden bir aý öň tabşyrmagy başardylar. Bu barada "Nebit-gaz" gazetiniň resmi saýty rus habar beriş serişdelerine salgylanyp, habar berýär.

Hususan-da, «Trubodetal» zawody (OMK toparyna girýär) 2020-nji ýylyň dört aýynda TOPH halkara gaz geçirijisi üçin turbageçirijileriň 960 tonnadan gowrak birleşdiriji detallaryny iberdi. Bu sargydy ýerine ýetirmek üçin «Trubodetal» zawody OMK-nyň ýene-de bir kärhanasynyň — Wuksun metallurgiýa zawodynyň (Nižegorodsk oblasty) öndüren listlerinden we turbalaryndan peýdalandy. OMK-nyň zawodlarynyň şular ýaly utgaşyklylygy ahyrky önümleriň hilini kepillendirmäge we ony bellenilen möhletinden bir aý öň ibermäge mümkinçilik berdi.

«Türkmenistan biziň üçin geljegi uly sebit bolup durýar. Bu ýere biz önümlerimizi ibermäge taýýar we munuň üçin baý tejribä we tehniki mümkinçiliklere eýe. OMK-nyň Wuksun zawody bilen utgaşyklylykda işläp, biz islendik görnüşli we ölçegli turbageçirijileriň, şol sanda Ýewropa standartynyň birleşdiriji detallaryny gysga möhletde öndürip bilýäris.  Bildirilen ynam hem bizi saýlandyklary üçin «Türkmengazdaky» hyzmatdaşlarymyza minnetdarlyk bildirýäris» - diýip, «Trubodetal» zawodynyň dolandyryjy direktory Ýewgeniý Baranow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň