Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ilçisi: «Rus sanjymynyň Türkmenistanda ulanylmazlygy üçin hiç bir sebäp göremok»

22:0418.12.2020
1
15563

Önümçiligi zerur mukdara ýeten badyna Türkmenistan Russiýada öndürilen koronawirus sanjymyny satyn alyp biler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin žurnalistler bilen geçiren onlaýn-brifinginde aýtdy.

Ol žurnalistiň bu mesele bilen bagly beren sowalyna: «Türkmenistanyň Russiýada öndürilen sanjymy ulanyp bilmezligi üçin hiç bir sebäp göremok» diýip jogap berdi.

Doly ygtyýarly wekil Russiýanyň «Sputnik V» sanjymynyň synagyň üç basgançagyndan eýýäm geçendigini we oňyn netijäniň alnandygyny aýtdy.

Diplomat Russiýa bilen Türkmenistanyň koronawirusa garşy göreşdäki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi we Russiýanyň Türkmenistana 50 müňden gowrak synag ulgamyny mugt berendigini aýtdy. Rus we türkmen lukmanlarynyň arasynda yzygiderli onlaýn maslahatlar geçirilýär.

«Mundan başga-da, Türkmenistan Russiýadan takmynan 8 million ABŞ dollaryna barabar dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny satyn aldy. Russiýa Türkmenistana möwsümleýin dümewe garşy sanjymy hem iberdi. «Sputnik V» sanjymynyň hem Türkmenistanda gyzgyn garşylanjakdygyna, onuň zerur mukdardaky önümçiligine girişilen badyna Türkmenistana-da ugradyljakdygyna umyt bildirýärin» ― diýip, ilçi sowallara jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň