Soňky habarlar

Arhiw

FIFA, «The Best ― 2020»: Lýusi Bronz ― ýylyň iň gowy zenan futbolçysy

10:5718.12.2020
0
4402

Angliýanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň we «Mançester Sitiniň» futbolçysy Lýusi Bronz FIFA tarapyndan 2020-nji ýylda «Iň gowy zenan futbolçy» diýlip ykrar edildi.

Ol geçirilen ses berlişikde «Çelsiniň» daniýaly futbolçysy Pernilla Harderi we «Lionyň» fransiýaly wekili Wendi Renary yzda galdyrdy.

Bu ýyl 52 ses bilen ýeňiş gazanan Lýusi Bronz geçen ýyl 29 ses gazanyp, üçünji orny eýeläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň