Soňky habarlar

Arhiw

Eýran ýazda koronawirusa garşy milli sanjymyny öndürer

10:5415.12.2020
0
1865

Eýranyň saglygy goraýyş ministri Said Nemeki Eýranda koronawirusa garşy milli sanjymynyň ýazda öndüriljekdigini aýtdy.

Milli Koronawirus sanjymy ýygnagyndan soň beýan beren Nemeki, “COVID-19” ýokanç keseline garşy göreşmegiň 3 ýolunyň bardygyny, şolaryň biriniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan alnan 16 million doza koronawirus sanjymydygyny we bu sanjymyň 68 ýaşdan uly adamlar bilen käbir hassalyklary bolan ynsanlara degişlidigini aýtdy. Şeýle hem, ol koronawirusa garşy göreşmekligiň ikinji ýolunyň indiki ýyl sanjym öndürijiler bilen duşuşmaklyk arkaly “COVID-19” sanjymynyň alynmagy bilen amala aşyryljakdygyny dile getirdi.

Nemeki, “COVID-19” ýokanç keseline garşy göreşmegiň 3-nji ýolunyň milli koronawirus sanjymy bilen baglanyşyklydygyny bellemeklik bilen, häzirki wagtda Eýranda ýerli sanjymlaryň öndürilýändigini we ylyma esaslanýan kompaniýanyň öndürýän sanjymyny ynsanda synap görmeklik üçin rugsat alandygyny hem-de synaglaryň ýakyn günlerde başlajakdygyny, köpçülikleýin sanjym önümçiliginiň bolsa ýazda başlajakdygyny aýtdy.

Koronawirusa garşy göreş meselesine degip geçen Nemeki, saglyk teswirnamalaryny ýerine ýetirendigi üçin halka minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň