Soňky habarlar

Arhiw

«Merw» TFF-niň arassa oýun üçin baýragyna mynasyp boldy

16:4710.12.2020
0
5222

Marynyň «Merw» bedenterbiýe-sport kluby Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2020-nji ýyldaky möwsümi üçin «Iň arassa oýun» baýragyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, topara ýörite baýragy federasiýasynyň ýolbaşçylary gowşurdy.

«Türkmenportalyň» maglumatlaryna görä, geçen möwsümde «Merwiň» futbolçylaryna 50 sany sary kart görkezildi. Şeýle hem olaryň biri oýundan çykaryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň