Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň finaly "Aşgabat" stadionynda geçiriler

14:3608.12.2020
0
4765

9-njy dekabrda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygy geçiriler. “Altyn Asyr” bilen “Köpetdag” toparlarynyň arasynda geçiriljek final duşuşygy 15:00-da başlanar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy:

09.12.2020 ý. (çarşenbe)

“Altyn Asyr” – “Köpetdag”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Ahmet Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň