Soňky habarlar

Arhiw

Baýden ABŞ halkyndan 100 gün agyz-burun örtügini geýmekligi haýyş etjekdigini aýtdy

10:2505.12.2020
0
1699

Jožef Baýden wezipesine girişenden soň, işlän ilkinji 100 gününde ABŞ-nyň raýatlaryndan agyz-burun örtügini geýmegini haýyş etjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Jožef Baýden amerikan halkyndan koronawirus ýokanç keseliniň öňüni almaklyk üçin iş başyna geçen ilkinji 100 gününde agyz-burun örtügini geýmegini haýyş etjekdigini aýtdy.

«CNN» bilen söhbetdeşlikde Baýden her bir amerikaly agyz-burun örtügini geýse, «COVID-19» hadysalarynda ep-esli azalma boljakdygyny nygtady. Şeýle hem Baýden ähli jemgyýetçilik binalarynda agyz-burun örtüklerini geýmegi buýurjakdygyny aýtdy.

Baýden kabul edilen täze çäreleriň netijesinde «COVID-19» ýokanç keseliniň gündelik sanynyň ep-esli azalmagyna garaşýandyklaryny we ykdysady işleriň bes edilmeginiň zerur däldigini aýtdy.

«COVID-19» epidemiýasynda ABŞ-da 14 million kesel hasaba alyndy we 275 müň adam aradan çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň