Sergide türkmen halysyna bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi

11:0302.12.2020
0
1328

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Halkara serginiň ilkinji gününde sergi zalynyň ýörite meýdançasynda “UNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän türkmen halysy milli guwanjymyzdyr” atly tanyşdyryş çäresi boldy. Çäre “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan guraldy.

Tanyşdyryş çäresiniň maksady baý taryhy bolan, däbe öwrülen türkmen halyçylyk sungatyna ýene-de bir gezek üns bermekden ybarat boldy. Türkmen halysyny bolsa, häzir hem dünýäniň meşhur muzeýlerinde hem-de sungat muşdaklarynyň öýlerinde görmek bolýar. Gadymy döwürde bolşy ýaly, haly häzir hem eksportyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen “Janly rowaýat” hem-de “Arşyň nepisligi” atly baý mazmunly hem-de owadan bezelen eserleri türkmen halysynyň we ony dokaýanlaryň senasyna öwrüldi.

Şol kitaplar okyjylara türkmen halysynyň nusgalarynyň hem-de nyşanlarynyň çäksiz dünýäsini, halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny açyp, halylary we haly önümlerini dokamagyň usullary, bezeg ýörelgeleri hem-de tärleri, milli sungat we edebiýat bilen arabaglanyşygy barada gürrüň berýär. Şeýle hem milletiň Lideriniň işlerinde arheologiýa hem-de etnografiýa barlaglarynyň maglumatlary, taryhy ýyl ýazgylaryndan hem-de geçen asyrlaryň ýazuw çeşmelerinden gyzykly maglumatlar getirilýär.

Dokma senagaty ministrligi hem-de TSTB, şeýle hem “Asman” we “Mähirli zenan” modalar öýleri bilelikde täze tikin önümleriniň görkezilişini guradylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň