Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýa iki sany ýokary tizlikli aragatnaşyk hemrasyny uçurdy

11:5330.11.2020
0
826

Ýaponiýa H2A raketasy bilen kosmosa iki sany ýokary tizlikli aragatnaşyk hemrasyny uçurdy.

«Mitsubishi Heavy Industry» hem-de Ýaponiýanyň aerokosmos guramasy bolan «JAXA»  tarapyndan işlenip düzülen hemralar H2A raketasy bilen ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Kagosimodaky Tanegasima kosmos merkezinden uçuryldy.

Raketa bilen 30 minutdan soň 300 kilometr belentlikdäki kosmosa galdyrylan emeli hemralar, öňki modeliň iş usulyndan 9 esse ýokary tizlik bilen maglumatlary we suratlary ýaýratmaga hyzmat eder.

Uçuryş bilen baglanyşykly beýan beren premýer-ministr Suga Ýosihide: «Milli howpsuzlygy we krizis dolandyryşyny güýçlendirmeklik üçin hemralary doly derejede ulanarys.» –  diýip belledi.

Ýaponiýanyň «JAXA» aerokosmos guramasy bolsa hemralaryň has çeýe we örän uzak aragatnaşyk kuwwatyna eýe boljakdygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň