Soňky habarlar

Arhiw

ÝTÖB türkmen banklaryna karz ugruny açmagy meýilleşdirýär

18:4828.11.2020
0
1716

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) türkmen banklaryna karz ugruny açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmekçi bolýar. Bu barada ÝTÖB-niň wekili Anton Usowyň berýän maglumatyna salgylanyp, Trend habar berýär.

"Şeýle-de, biz Türkmenistanda şäher taslamalaryny maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek isleýäris. Üns berseňiz, häzirki wagtda gürrüň diňe gözleg işleri barada gidýär" -diýip, Usow belleýär.

Bankyň wekili häzirlikçe anyk taslamalaryň ýokdugyny, şeýle hem indiki tapgyryň taslamalary kesgitlemek boljakdygy barada ÝTÖB-iň hem-de Türkmenistanyň wekilleriniň ozal ylalaşandyklaryny aýtdy.

Anton Usowyň habar berşi ýaly, ÝTÖB bilen Türkmenistanyň arasynda 2020-nji ýyl tamamlanmanka 5-e çenli täze şertnama baglaşylyp bilner.

ÝTÖB 2020-nji ýylyň başyndan bäri, Türkmenistan bilen, hususan-da, "Datly Şerbet", "Ak Hünji", "Safa" türkmen kompaniýalary bilen 3 taslama gol çekdi.

Bu 3 taslamanyň hemmesiniň gymmaty 19,3 million dollar boldy.

Şeýle hem, ozal häzirki ÝTÖB we Ýewropa Bileleşiginiň kömek maksatnamasy boýunça berlen halkara pudak hünärmenleriniň Ak Hünji türkmen kompaniýasynyň täze eksport bazarlaryna çykmaga ýardam  etjekdigi habar berlipdi.

Pandemiýa serhetleriň ýapykdygy sebäpli kompaniýanyň eksport amallaryna täsir eden-de bolsa, Ak Hünjiniň Türkmenistanda satuwy şu ýyl 14% ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň