Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilik işine başlaýan raýatlaryň pensiýa gatançlaryny töleýjilerdigini göz öňünde tutup, kanunçylykda bellenen tertipde salgyt edarasynda hasaba duran ýerindäki pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba durmaklaryny ýatladýar.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet sahypasynda habar berlişi ýaly, «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslar döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň subýektleri bolmak bilen, olar şol bir wagtda, ätiýaçlandyrýan hökmünde çykyş edýärler we pensiýa gatançlaryny töleýjiler hökmünde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba alynmaga degişlidir. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilik işine başlaýan raýatlarymyzdan kanunçylykda bellenen tertipde salgyt edarasynda hasaba duran ýerindäki pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba durmagyny haýyş edýär!