Soňky habarlar

Arhiw

“Mançester Siti” 1/8 finalda çykyş eder, Guardiola 12-nji gezek toparyny pleý-off tapgyryna çykardy

17:2326.11.2020
0
1295

UEFA Çempionlar ligasynda “C” toparçada “Mançester Siti” myhmançylykda “Olimpiakosy” 1-0 hasabynda ýeňdi. Iňlis klubuna ýeňiş getiren ýek-täk goly 36-njy minutda Fil Foden derwezä girizdi. Duşuşykda myhmanlar 21 gezek gola geçirmäge golaý geldiler. Ýöne diňe birinden ýerlikli peýdalanmak olara başartdy. Bu ýeňişden soň, utugyny 12-ä ýetiren “Mançester Siti” wagtyndan öň 1/8 finala adyny ýazdyrmagy başardy. “Mançester Siti” yzly-yzyna 8-nji gezek 1/8 finalda oýnar. Şeýle-de toparyň tälimçisi Pep Guardiola 12-nji gezek pleý-off tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Ol bu ugurda beýleki tälimçilerden has ýokary netije görkezmegi başardy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda “Porto” myhmançylykda “Marseli” 2-0 ýeňip, utugyny 9-a ýetirdi we 1/8 finalyň bosagasyndan bir ädim ätdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň