Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi

12:0826.11.2020
0
1684

Entek 60 ýaşy arka atanyna 1 aý hem dolmadyk, futbolyň rowaýaty ägirdi, ähli zamanalaryň iň uly ýyldyzlarynyň biri hasaplanýan, argentinaly ussat Diego Armando Maradona düýn aradan çykdy. Resmi ýagdaýda berlen habarlara görä, oýunçy Argentinanyň Tigr şäherindäki öýünde infarkt sebäpli 60 ýaşynda dünýeden gaýtdy. Ägirdiň ölümi diňe futbol ýa-da sport dünýäsini däl, eýsem tutuş dünýäni gynandyrdy. Gazetler baş sahabynda rowaýaty oýunçynyň suratlary bilen onuň aradan çykandygyny habar berdiler. Maradonanyň aradan çykmagyndan soň, milli gahryman hökmünde Argentinada 3 gün ýas yglan edildi. Futbolyň şasy hasaplanýan Pele Maradonanyň ölümi bilen baglanyşykly: “Men gowy dostumy, dünýä bir rowaýatyny ýitirdi. Aýdara zat kän, ýöne Alla maşgalasyna güýç-kuwwat, tagat bersin” diýip, öz gynanjyny beýan etdi. Başga-da birnäçe belli-belli şahsyýetler, türgenler, guramalar, edaralar, federasiýalar Maradonanyň ölümi bilen baglanyşykly öz gynançlaryny beýan etdiler.

Maradonanyň gysgaça awtobiografiýasy

Gopgunlar, skandallar, dürli-dürli wakalar bilen hemişe hemmäniň üns merkezinde bolan Maradona 1960-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Buenos Aýres welaýatynyň çägindäki Lanus şäherinde dünýä inýär. 1976-njy 10-njy oktýabrda “Argentinos Huniors” kluby bilen professionallyga ädim äden Maradona bu topar 5 ýyl çykyş edýär. 1981-1982 möwsüminde “Boko Huniorsda, 1982-84-nji ýyllarda-da 2 möwsüm “Barselonada oýnaýar. Katalonlar bilen Ispaniýanyň Şa Kubogyna, Liga Kubogyna hem-de Super Kubogyna mynasyp bolýar. 1984-nji ýylda özüne uly şöhrat getiren “Napoli” toparyna geçýär. Bu ýerde 7 ýyl oýnan Diego Neapol şäheriniň klubuna “Serie A”-da 2 çempionlyk gazandyrýar. “Napoli” toparynyň Italiýanyň Kubogyny, Super Kubogyny hem-de UEFA Kubogyny gazanmagynda uly rol oýnaýar. Soňra 1 möwsüm “Sewilýada”, öz ýurdunyň “Newell’s Old Boýz” toparynda oýnaýar. 1995-1997-nji ýyllar aralygynda özüniň 2-nji hem-de janköýerlik edýän “Boko Huniors” toparynda oýnaýar we 1997-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda professional karýerasyny tamamlaýar.

1977-nji ýylda milli ýygyndyda oýnap başlan Maradona 4 Dünýä Kubogyna gatnaşýar. 1986-njy ýylda toparyna kubogy gazandyran oýunçy bolýar. Şol çempionatda Angliýanyň derwezesinden geçiren 2 goly uly gopgun turuzýar. Onuň 1-nji goly ähli zamanalaryň iň owadan gollarynyň hataryna görkezilýär. 2-nji goly bolsa taryhyň iň skandal gollarynyň biri bolýar. Ol eli bilen geçiren bu golundan soň, “Taňrynyň eli” diýip, goly eli bilen geçirendigini boýun alýar.

1990-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň finalynda Germaniýadan asgyn gelen Argentinanyň ýygyndysynda Maradona 1994-nji ýyldaky çempionata hem gatnaşýar. Ýöne bu çempionatda gadagan edilen närseleri ulalandygy ýüze çykýar. Jemi 4 Dünýä Kubogynda 21 duşuşyk geçiren Maradona Dünýä çempionatlarynda 8 gezek tapawutlanýar.

Klublarda 588 oýunda 312, milli ýygyndyda bolsa 91 oýunda 47 gol geçiren Maradona neşeden, alkagoldan saplanmak üçin köp wagtlap bejergi almaly bolýar. 2004-nji ýylda ölümiň bäri ýanyndan gaýdan Maradona Kubada bejergi alanyndan soň, täzeden saglygyny dikeldýär.

Noýabr aýynyň başyna çenli “Himnasia de La Plata” toparyna tälim beren Maradona ýurdunyň “Tekstil Mandiýu”, “Rasing Klub” toparlarynda gysga möhletlik tälimçi bolýar. 2008-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellenen Maradona 2010-njy ýyldaky Dünýä Kubogyndan soň, bu wezipesinden boşadylýar. Soňra ýene-de gysga wagtlyk BAE-niň “Al-Wasl”, “Fujirah” klublarynda, soňra Meksikanyň “Dorados” toparyna tälim berýär. 1 ýyldan bäri-de “Himnasia de La Plata” tälim berip gelýän Maradona Dünýä Kubogynda “Altyn top”, “Kümüş butsy” baýraklaryna laýyk görülýär. 2000-nji ýylda FIFA tarapyndan Pele bilen bilelikde asyryň futbolçysy saýlanýar. Başga-da onlarça baýragy bolan Maradona futboldaky ilkinji iň gymmat transferleriň biridir. Ol 1982-nji ýylda “Boko Huniorsdan” 3 million funta “Barselona” 2 ýyldan soň, 5 million funta “Napoli” toparyna transfer bolýar.

Maradona karýerasy boýunça 10 kubok gazanýar. 60 ýaşynda aradan çykan Maradona ýüreklerde hemişelik ýaşar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň