Soňky habarlar

Arhiw

Arap ilçisi türkmen talyplary bilen onlaýn okuw geçdi

13:1624.11.2020
0
519
Arap ilçisi türkmen talyplary bilen onlaýn okuw geçdi

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halid ben Faýsal al Sehli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly wideo aragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli   Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň öňünde sanly wideo aragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi. Ilçi öz leksiýasynda esasy üç meselä degip geçdi, birinjiden, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen Kararnamasy laýyklykda, Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilendigi barada we oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan türkmen

Hökümetiniň tagallalarynyň we doganlyk Türkmenistanyň halkara derejesinde, esasanam, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyga we howpsuzlyga degişli öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti barada durup geçdi. Şeýle hem ilçi Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2021-nji ýylyň "Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini we Saud Arabystany Patyşalygynyň hem bu başlangyjy doly goldandygyny belläp geçdi. 

Ikinjiden, ilçi iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara degip geçip, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygyny belledi. Ilçi ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň yzygiderli ilerleýändigine ünsi çekdi, aýratyn hem, iki ýurduň arasynda gol çekilen Ylalaşyklardyr Ähtnamalary, soňky ýyllarda ýokary derejede guralan saparlary we iki ýurduň umumy bähbitlerini ösdürmek we berkitmek üçin gazanylan oňyn netijeleri nygtap geçdi.

Üçünjiden, ilçi Saud Arabystany Patyşalygynyň ykdysady ugurlaryny we iri Saud şereketleri bilen türkmen telekeçileriniň ýola goýan hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi.

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman bin Abdul-Aziziň baştutanlygynda Saud Arabystany Patyşalygynda golaýda geçen ägirt uly global çäräni — dünýäniň ykdysady taýdan iň uly ýurtlarynyň baştutanlarynyň maslahaty bolan “Uly ýigrimiligiň” (G20) Bütindünýä Ykdysady Forumydyr. Ykdysady taýdan kuwwatly hasaplanýan ol döwletleriň umumy önümi dünýä önüminiň 80%-ini emele getirýär. Munuň özi Saud Arabystany Patyşalygynyň sebitde we halkara derejesinde ykdysady taýdan uly ähmiýetiniň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Şeýle hem ilçi Saud Arabystany Patyşalygynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak üçin alyp barýan başlangyçlary we durnukly ösüşi gazanmak ugrundaky tagallalary hem-de Patyşa Salman adyndaky ynsanperwer ýardamlar Merkezi tarapyndan berilen halkara ýardamlarydyr goldawlary barada durup geçdi. Ondan başga-da ilçi, Saud Arabystanyň halkara guramalaryna eden ýardamlary, mysal hökmünde BMG-niň Palestina bosgunlaryna ýardam bermek we olary iş bilen üpjün etmek Wekilhanasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we BMG-niň Çagalar Gaznasy, mundan başga-da, Saud Arabystanyň ösüp barýan ýurtlardaky ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmäge goşýan saldamly goşantlary barada gürrüň berdi.

Ilçi gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýan medeniýet ugry barada hem aýdyp geçdi, hususanam, iki doganlyk döwletleriň däp-dessurlary, adatlary birek-birege örän meňzeşdigi barada belläp geçdi.

Çykyşyň ahyrynda Ilçihana, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şygaryny we Saud Arabystany Patyşalygynyň geçiren G20 Sammitiniň şygaryny özünde saklaýan sowgatlary talyplara gowşurdy we ilçi Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk türkmen halkyna mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň