Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Türkiýe söwda hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekçi

10:0523.11.2020
0
1196

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy, Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ruhsar Pekjan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ministre TSTB-niň düzümi we iş ugurlary, şeýle hem türkmen telekeçileri tarapyndan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalar, olaryň eksport mümkinçilikleri hakynda habar berildi. Birleşmäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň we söwda öýleriniň işiniň netijeliligi bellenilip geçildi.

Aýdylyp geçilen maglumatlara gyzyklanma bildirip, Ruhsar Pekjan türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi babatda pikirini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň birnäçe derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Nygtalyp geçilişi ýaly, gatnaşyklary giňeltmek üçin söwdada, oba hojalyk ulgamynda, azyk senagatynda, beýleki pudaklarda gowy mümkinçilikler bar.

Işewürlik forumlaryň, sergileriň, tanyşdyrylyşlaryň çäklerindäki duşuşyklaryň, şeýle hem öňdebaryjy işläp düzmeler we tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmanyň netijeliligi bellenilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň