Arhiw

Ruslan Mingazow Gazagystanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň nusgalyk düzümine girizildi

00:2823.11.2020
0
5197

Karaganda şäheriniň «Şahtýor» futbol toparynyň türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow «Gazagystanyň sport portaly» tarapyndan ýurduň çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň nusgalyk düzümine girizildi.

Şu tapgyrda toparyň «Astana» bilen geçiren duşuşygynda biziň ildeşimiz garşydaşyň derwezesine bir pökgi geçirip, 2:1 hasabynda gazanylan ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Ol duşuşykda «Şahtýoryň» iki hüjümçisiniň biri hökmünde çykyş etdi. Ilkinji pökgini özi geçirip, ikinji pökginiň geçirilmegine hem uly goşant goşan Ruslan Mingazow gerek ýerinde toparyň goragyna hem ýardam berdi.

Nusgalyk düzüme «Şahtýoryň» Aşgabatda doglan goragçysy Andreý Buýwolow hem girizildi. 33 ýaşly futbolçy goragdaky saklygy bilen toparynyň ýeňşine goşant goşdy.

Bu ýeňişden soňra utugyny 26-a çykaran «Şahtýor» Gazagystanyň çempionatynda altynjy orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň