Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany patyşalygy «COVID-19» sanjymy üçin 500 million dollardan gowrak walýuta serişdesini bölüp berdi

13:1322.11.2020
0
1605

Saud Arabystany patyşalygynyň  Saglygy goraýyş ministri Tewfik er-Rabia G20 sammitinden öň çykyş edip, öz ýurdunyň täze görnüşli koronawirusa garşy göreşmeklik ugrundaky tagallalary barada maglumat berdi. 

Rabia öz beýanynda: «Saud Arabystany patyşalygynda «COVID-19» ýokanç keseline garşy sanjym döretmeklik baradaky halkara tagallalaryny goldamaklyk maksady bilen 500 million dollardan gowrak walýuta serişdesini  bölüp berdik.» – diýdi. 

Bu barada patyşa Salman gaznasynyň başlygy Abdullah er-Rabiada çykyş etdi. Ol «COVID-19» ýokanç keseline garşy işlenip düzülen sanjymy alan ilkinji ýurtlaryň arasynda Saud Arabystanynyň hem boljakdygyny bellemeklik bilen:

«Saud Arabystany patyşalygy iň oňat sanjym hünärmenleri bilen komitetler döretdi. Biziň döwletimiz sanjymy ilkinji alan ýurtlaryň hataryna girer. Saud Arabystany patyşalygy iň howpsuz we täsirli sanjymy saýlap alar.» – diýip nygtady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň