Kompozitor Orazmuhammet Gurbannyýazowyň ýubileýine bagyşlanan konsert soňa süýşürildi

13:5221.11.2020
0
5994

Moskwada türkmen kompozitory Orazmuhammet Gurbannyýazowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert soňa süýşürildi. Ozal ony 22-nji noýabrda geçirmek bellenilipdi. Bu barada «Dutaryň owazy» halkara festiwalynyň guramaçylyk topary habar berýär.

Mundan öňde festiwalyň 2021-nji ýyla geçirilendigi habar berlipdi. Türkmen kompozitorynyň eserlerinden ybarat konsert eger dekabr aýynda geçirilmese, festiwalyň özi ýaly indiki ýyla süýşüriler.

Şeýle hem guramaçylyk toparyň kompozitorlaryň arasynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň eserlerine saz döretmek baradaky bäsleşigiň gaýtadan başlanýandygyny habar berdi. Bu bäsleşige gatnaşmak üçin eýýäm Türkmenistandan köp sanly ýüztutmalar gelip gowuşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň