Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we ÝUNISEF 2021-nji ýyl üçin bilelikde işlemegiň taslamalaryny maslahatlaşdy

23:3518.11.2020
0
6332

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2021-nji ýyl üçin bilelikde işlemegiň iş meýilnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn iş duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga milli parlamentiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adalatçynyň Diwanynyň, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Adalat, Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet, Sport we ýaşlar syýasaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň dowamynda bu ulgamda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, geljek ýyl üçin iş meýilnamalaryna goşmak maksat edinilýän gatnaşyklar boýunça anyk teklipler diňlenildi.

Iş meýilnamalaryň taslamalary çagalaryň saglygyna, iýmitlenmegine, hemmetaraplaýyn ösmegine, olary durmuş taýdan goramaga, ýokary hilli bilime degişli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmaga, bu ulgamda döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň