Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Energetika diplomatiýasy: halkara tejribesi» atly onlaýn-leksiýa geçirildi

12:2516.11.2020
0
5321

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde “Energetika diplomatiýasy: halkara tejribesi” atly onlaýn okuw maslahatyny gurnady. 

Okuw maslahata Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň professory, Energetika diplomatiýasy we geosyýasat merkeziniň prezidenti Stanislaw Žiznin, Russiýa Federasiýasyndan halkara bilermen Rimma Subhankulowa, Serbiýadan halkara bilermen Aleksandr Kowaçewiç, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.       

Halkara bilermenler öz çykyşlarynda energetika diplomatiýasy we ýangyçlaryň arasyndaky bäsdeşligiň ýitileşmegi şertlerinde dünýä energetikasy, energetika serişdeleriniň üpjünçiliginiň howpsuzlygy energetika diplomatiýasynyň möhüm aýratynlygy hökmünde, bu ugurda tehnologiýalaryň, gorlaryň we edaralaryň arasyndaky arabaglanyşyk ýaly meselelere gatnaşyjylaryň ünsüni çekdiler. Şeýle-de bilermenler Merkezi Aziýa sebiti bilen GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň, HHR-yň arasynda nebit-gaz ulgamynda söwda gatnaşyklary meseleleri babatda bilimleri bilen paýlaşdylar.  

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň döwrebap halkara-hukuk guralyny işläp düzmek boýunça açyk düzümli halkara bilermenler toparyny döretmek mümkiniçligine seredip geçmäge gönükdirilen BMG-niň Baş Assamblýasynyň Rezolýusiýasynyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýändigi barada bellemek zerur. 

Şeýle hem okuw maslahatynyň dowamynda energetika ulgamynda halkara derejesinde ileri tutulýan ugurlara we strategiýalara syn berildi. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar özara sorag-jogap alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň