Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 17-nji noýabrda 17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklary geçiriler

11:4316.11.2020
0
4585

 

Ertir ― 17-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklary geçiriler. Olarda «Energetik» «Aşgabady», «Ahal» bolsa «Merwi» kabul eder.

Duşuşyklaryň netijesi «Aşgabat» hem-de «Merw» duşuşyklarynyň ýaryş tertibindäki ornuna täsirini ýetirer. «Ahalyň» eýýäm kümüş medaly gazanandygyny, «Energetigiň» bolsa ýaryşy iň soňky orunda tamamlandygyny ýatladýarys.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň berýän maglumatyna görä, duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri bilen tanyş boluň!

17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklary:

17.11.2020 ý. (sişenbe)

 “Energetik” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

 

 “Ahal” – “Merw”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň