TÝL ― 2020, 25-nji tapgyr: «Energetik» möwsümi ahyrky basgançakda tamamlar

18:1514.11.2020
0
3953

 

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň çägindäki duşuşykda «Nebitçi» «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi. Duşuşyk Balkanabat şäheriniň toparynyň peýdasyna 5:1 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, topar dört tapgyrlyk utulyşyň soňuna çykdy.

Bu utuşdan soňra utugyny 23-e çykaran «Nebitçi» ýaryş tertibiniň altynjy basgançagyna ýakynlaşdy. Tapgyrda «Merwiň» «Aşgabat» bilen deňme-deň oýnamagynyň netijesinde iki toparyň aralygy 1 utuga çenli ýygryldy. Indi «Merwde» 24, «Nebitçide» 23 utuk bar. «Energetik» bolsa öňde dört duşuşygynyň bardygyna garamazdan, möwsümi sekizinji orunda jemlär.

“Energetik” – “Nebitçi” – 1:5

Gollar: 74 Kemal Mämmedow – 33 Serdaraly Ataýew, 45+1 Azat Garajaýew (11 m.j.u.), 45+2 Seýitmämmet Hojamämmedow, 49 Kerim Hojaberdiýew (11 m.j.u.), 59 Alibek Abdyrahmanow.

Duýduryşlar: 18 Aşyr Jimadurdyýew, 25 Mekan Çaryýew, 48 Merdan Paltaýew – 23 Saýat Gulyýew, 51 Batyr Geldiýew.

Meýdandan çykarylan: 21 Aşyr Jumadurdyýew, ikinji duýduryş (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň