Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda surat bäsleşigi geçirildi

13:0814.11.2020
0
15203

 

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Abadan, asuda, Bitarap Watan» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar, çeperçilik we çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň onlarçasy gatnaşdy. Bu barada «Mugallymlar gazeti» gazeti habar berýär.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda ýaş suratkeşler reňk we galam bilen surat çekmek boýunça özara bäsleşdiler. Netijede, ýeňijiler yglan edildi. Onda reňk bilen surat çekmek ugry boýunça Aşgabat şäheriniň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy, Aýsoltan Garagoçowa we Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Durdymyrat Guwanjow 1-nji orna mynasyp boldular. Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Akgül Hommadowa we Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Mähriban Atabaýewa bolsa 2-nji orny eýelediler. Bäsleşigiň 3-nji ornuna bolsa, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Şahnoza Ibragimowa we Hazar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Anastasiýa Pisarenko dagy mynasyp boldy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, galam bilen surat çekmek ugry boýunça Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Ogulnur Rejepowa we Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Mekan Söýünow 1-nji orna, Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Güljan Agamyradowa we Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Enegül Annamyradowa dagy 2-nji orna mynasyp boldy. Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Sülgün Alymjanowanyň we Baýramaly şäheriniň G.Zelili adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Arslan Begenjowyň döredijilik işleri bolsa 3-nji orna mynasyp görüldi.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň