Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky täze "Milli VISA" kartyny ulanyşa girizdi

14:5602.11.2020
0
29236

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky täze "Milli VISA" kartyny ulanyşa girizdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Täze bank kartynda oturdylan halkara çipiň kömegi bilen şular mümkin:

  • amallaryň has-da ygtybarlylygyny gazanmak;
  • galtaşyksyz tölegleri geçirmek;
  • internet arkaly töleg geçirmek;
  • satuw we hyzmat ediş nokatlarynda satyn alnan harytlar üçin töleg geçirmek;
  • kartyň hasabyndaky pul serişdeleriniň hereketine "SMS - habarnama" arkaly gözegçilik etmek;
  • zerur bolsa, karty "SMS - habarnamanyň" üsti bilen togtatmak ýa-da işjeňleşdirmek;
  • bankomatlaryň üsti bilen nagt pul almak;
  • pul serişdeleriniň galyndysyna 5% ýyllyk girdeji almak.

Bu täze bank karty milli töleg ulgamyny halkara töleg ulgamyna birleşdirmegi maksat edinýär we halkara ülňülerine laýyklykda ygtybarly we döwrebap töleg amallaryny ýeňilleşdirer.
Bankyň salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 32-nji jaýy.
Telefon belgileri: 40-64-27 / 40-64-28 / 40-64-29 / 40-64-30 / 40-64-31
E-mail: tveb@online.tm
www.tfeb.gov.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň