Soňky habarlar

Arhiw

"Messi galdy, Bartomeu gitdi"

18:2128.10.2020
0
765

Futbol janköýerleri, esasan hem “Barselona” toparynyň tarapdarlary awgust we sentýabr aýlaryny Lionel Messiniň katalonlarda galyp-galmajakdygy baradaky habarlar, gürrüňler, wakalar bilen geçiripdi. Şol döwürde klubuň prezidenti Ýosep Mariýa Bartomeu bilen Lionel Messiniň arasyna-da tow düşüpdi. Messi mejbury klubda galmaly bolupdy. Düýn gün bolsa, klubuň prezidenti Bartomeu wezipesinden gidýändigini mälim etdi. Ol: “Men we klubuň beýleki ýolbaşçylary wezipämizden gidýändigimizi beýan edýäris. Hemmämiz bilelikde şeýle netijä geldik” diýip, çykyş etdi. Ol: “8-2-lik ýeňlişden işi taşlamak aňsatdy. Ýöne klubuň gelejegini dowam edýän çykgynsyz ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz taşlap gitmek islemändik. Täze tälimçi, oýunçylaryň aýlyk-günlükleri ýaly meseleleriň çözgüdini tapyp, ondan soň gitmegi makul bildik. Biz şeýle etmäge mejburdyk” diýip, aýtdy. Bartomeu 2014-nji ýyldan bäri klubuň prezidenti wezipesinde işleýärdi. Şunlukda, Bartomeunyň wezipesinden gitmegi bilen baglanyşykly habarlar, metbugatda, internetde, Messi galdy, Bartomeu gitdi diýen setirler bilen berildi. Indi mundan soň, Messiniň klub bilen şertnamasyny uzaldyp uzaltmajakdygy-da esasy mesele bolup durýar. Ony bolsa bize wagt görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň