Soňky habarlar

Arhiw

Dostluk galla önümleri kärhanasynda 21 müň tonna golaý un öndürildi

17:2228.10.2020
0
827

20756 tonna un. Dostluk galla önümleri kärhanasynda ýylyň başyndan bäri şonça önüm öndürilip, alyjylara ýetirildi. Önümleriň hiliniň gowy bolmagy olaryň geçginliligini kepillendirýär.

Kärhananyň başarjaň işgärleri şanly baýram ýylynda ilatyň bereketli saçaklary üçin gerekli önümleri ýeterlik möçberde öndürmek ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Geçen döwürde bu ýerde öndürilen unuň 5 müň tonna golaýy ýokary, 13,8 müň tonnadan gowragy birinji, 1940 tonna golaýy bolsa ikinji hillidir. Bulardan başga-da kärhana boýunça kepegiň 6387 tonnasy, bugdaý ýarmasynyň 200 tonnasy, tüwiniň hem 574,6 tonnadan gowragy öndürildi. Kärhanada ilatyň ösen isleglerinden peýdalanýan çörek we çörek önümleri hem uly möçberlerde öndürilýär. Hasabat döwründe bu zerur önümiň 904 tonnasy öndürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň