Soňky habarlar

Arhiw

Habib Nurmagomedow karýerasyny tamamlandygyny yglan etdi

02:3125.10.2020
0
37699

Rus söweşijisi, UFC-niň çempiony "Bürgüt" lakamly Habib Nurmagomedow ikinji raundda şowly agyryjy usuldan soň Getjiden üstün çykdy. Şundan soň ol derrew gözüne ýaş aýlady. Bu Habibiň kakasy we tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedowyň ýogalanyndan soňky birinji söweşidi.

Ýeňişden soň söhbetdeşlik wagtynda hiç wagt ýeňilmedik çempion karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

“Bu meniň iň soňky söweşim” – diýip, Habib nygtady.

Türgen mundan soň wagtynyň köp bölegini maşgalasy bilen geçirmek isleýändigini aýtdy.

Habib çempion titulyny üç gezek gorady. Geçen iki söweşlerinde ol iki agram kategoriýasynda liganyň eks-çempiony Konor Makgregory we ozalky wagtlaýyn çempion Dastin Porýeni möhletinden öň ýeňipdi.

Nurmagomedow garyşyk başa-baş göreşde ilkinji gezek 2008-nji ýylda çykyş etdi. 32 ýaşly söweşiji 29 gezek güýç synanyşdy we 29 gezegem ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň